Balkanda edara-kärhanalaryň işgärlerini we esgerleri pagta ýygymyna çekmek çäreleri batly depginde dowam edýär. Ýöne bu gezek häkimiýetler balkanly býujet işgärlerini, esgerleri we hakyna tutma işçileri öz sebitindäki däl-de, eýse goňşy Ahal welaýatyndaky pagta meýdanlaryna ugradýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi.
“Gyzylarbat etrabynyň býujetçileri Ahalyň Gökdepe, Bäherden etraplarynda, şol sanda Bamy we Börme obalaryna gatnap, pagta ýygmaga mejbur bolýarlar” diýip, ýerli häkimlikdäki çeşmämiz anonimlik şertinde aýtdy.
Ol häzir býujetçileriň, bu etraplar Gyzylarbada ýakyn bolany üçin, awtobuslarda gatnap, gündelik ýygym işlerine gatnaşýandygyny, ýöne oktýabr aýynyň başyndan olary ýatymlaýyn ibermek barada maslahat edilýändigini hem belledi.
“Ahalyň etraplaryna ýatymlaýyn iberiljek býujet işgärleriniň anyk sany heniz belli däl” diýip, çeşmämiz sözüne goşdy.
“Goňşy welaýatda ýygymçy ýok”
Býujet işgärlerinden başga-da, Gyzylarbatdaky harby bölümiň 1000-den gowrak esgeri hem Arçman obasyndaky pagta meýdanlaryna ýatymlaýyn iberildi.
“Olar mundan 10 gün ozal pagta meýdanlarynyň golaýyndaky göçme çadyrlara ýerleşdirildi” diýip, harby bölümdäki ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.
Ahalyň pagta meýdanlaryna ýygyma iberilýän balkanlylaryň arasynda býujet işgärleriniň käbirleri tarapyndan öz deregine hakyna tutulan işçiler hem bar.
“Olar Bamy, Nohur, Arçman, Kelete we Mürçe ýaly obalarda ýatymlaýyn we gündelik gatnaýan görnüşlerinde pagta ýygýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, edara ýolbaşçylary balkanlylaryň Ahalyň pagta meýdanlaryna alnyp gidilmeginiň sebäplerini sebitde “pagta ýygymynyň tas tamamlanandygy” we goňşy welaýatda “ýygymçynyň ýokdugy” bilen düşündirýärler.
“Ahalyň halkynyň, Balkanyň halkyna garanda, durmuş-ykdysady goraglylygy ýokary bolany üçin welaýatyň käbir etraplarynyň ýaşaýjylary pagta ýygymyna asla el degirmeýär. Şol sebäpli beýleki etraplardan, hatda Balkanyň ýakyn etraplaryndan adamlar mejbury pagta ýygymyna ugradylýar” diýip, býujet işgäri anonimlik şertinde edara ýolbaşçysynyň aýdan sözlerini sitirledi.
"Toprak-tozan içinde garpyz bilen ýarty çörek..."
Bu aralykda, goňşy welaýatda ýygym işlerini amal edýän balkanly býujet işgärleriniň ençemesi Gökdepe we Bäherden etraplaryndaky pagta meýdanlarynda ýygymçylar üçin hiç hili şert döredilmändigini aýdýar.
“Adam ýaly günortan nahar edinmek mümkinçiligi ýok. Toprak-tozan içinde garpyz bilen ýarty çörek iýip bilsek ‘telpegimizi göge atýarys’” diýip, gyzylarbatly býujet işgäri belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebitiň oba hojalygy bölüminden teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanda pagta ýygymyna resmi derejede 9-njy sentýabrda badalga berildi. Ýöne ýurduň aglaba sebitinde bu çärä näresmi derejede awgustyň ikinji ongünlüginiň başynda girişildi.
Şondan bäri ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz edara ýolbaşçylarynyň ýygym üçin pul toplaýandygy, şeýle-de pagta ýygymyna býujet işgärleriniň, öňki bendileriň we hatda Balkanda hususy pudaklarda zähmet çekýän raýatlaryň, şol sanda hususy eýeçilikdäki dükanlaryň, garbanyşhanalaryň, toý mekanlarynyň we awtoparklaryň işgärleriniň hem çekilýändigini habar berip gelýärler.
Türkmen hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär. Munuň bilen baglylykda, ABŞ 2018-nji ýylyň maý aýynda türkmen pagtasynyň öz çägine import edilmegine gadaganlyk girizdi. Mundan ozal, global brendleriň ençemesi Türkmenistanyň pagtasyndan ýüz öwrüpdi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri şu ýyl pagtaçy daýhanlaryň döwlet harmanyna 1 million 250 müň tonna “ak altyny” tabşyrmagyna garaşylýandygyny aýtsa-da, pagta hasylyny ýygnamak we gowaçanyň ekiş, otag we çürtüm işlerindäki mejbury zähmet we pul goşantlary barada hiç hili gürrüň gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum