Türkmenistan

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda geçirilen Halk maslahatynda çykyş edip, garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen ykdysadyýetiniň ähli ugry boýunça düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şeýle-de, döwlet baştutany, garaşsyz döwleti ösdürmek üçin, öňde duran wezipeleriň kesgitlenjekdigini belledi.
Emma ýaşaýjylar we ýerli synçy bu maslahatyň ‘halk bilen häkimiýetiň arasyndaky üzňeligi öňki ýyllardaka garanda hem has açyk görkezendigini, maslahatyň halk gazabynyň ýokarlanmagyna ‘güýçli itergi berendigini’ öňe sürýärler.
Anonimlik şertinde pikirini aýdan syýasy synçy Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde bu ýyl geçirilen Halk maslahatynda 2024-nji ýyldaky tendensiýalaryň, ýadawlygyň we nägilelikleriň has hem ‘açyk görnendigini’ belledi.
"Halk maslahatynyň 2024-nji ýylda geçirilen ýygnanyşygynda adamlaryň ýüzünde agyr ýadawlyk görnen bolsa, bu ýyl olaryň ýüzünde gahar-gazabyň peýda bolup başlandygyny görmek bolýar” diýip, synçy aýtdy.
"Arkadaga şöhrat" diýýäleriň "sesi pes çykdy"
Şeýle-de, ol bu ýyl "Arkadaga, Arkadagly Serdara şöhrat" diýip gygyrýanlaryň sesiniň geçen ýyl gygyranlaryň sesine garanda hem has hyjuwsyz eşidilendigini, režimiň halk tarapyndan doly goldanylýandygyny görkezmek üçin çagyrylan adamlaryň ‘öz rollaryny barha gowşak oýnaýandygyny’ belledi.
“...pensiýalary we zähmet haklaryny, beýleki kömek pullaryny her ýyl 10% köpelmek praktikasyny ýatyrmak baradaky teklip aýdylanda, telewizion kameralar zalda oturan adamlaryň ýüzüne tutuldy. Bu pursat olaryň ýüzünde hiç hili şatlygyň we bagtyýarlygyň ýokdygyny, tersine, gahar-gazabyň we bialaçlygyň bardygyny görkezdi. Bu teklibe çapak çalmaly pursadynda zalda oturan adamlaryň aglabasy çapak çalmady, çapak çalýanlaryň hem görnetin göwünsizdigi göründi” diýip, syýasy synçy hatda bu teklibi aýdan ýaşulynyň hem ‘öz içki ahwalatyny gizläp bilmändigini öňe sürdi.
Synçynyň sözlerine görä, bu teklibi eden ýaşulynyň çykyşynyň ‘uly säginmeler, sakawlama bilen utgaşmagy onuň bu tabşyrygy kynlyk bilen ýerine ýetirendigini’ yşarat etdi.
Mundan başga, aýry-aýrylykda gürleşen ýaşaýjylar ösüşler we beýik ýeňişler baradaky çykyşlaryň zalda oturan adamlaryň ýüzünde gizläp bolmajak närazy, gaharly garaýyşlary döredendigini bellediler.
"Gyldan ýuka yşaratlar”
Syýasy synçynyň pikiriçe, “bular gyldan ýuka yşaratlar”, ýöne olar “ýurtdaky syýasy landşaftyň öňüni alyp bolmajak derejede üýtgeýändigini görkezýär".
Şeýle-de, synçy münbere çykyp geplän çäreçileriň tas ählisiniň ol ýa beýleki derejede "döwletlilik” adalgasyny ulanandygyna ünsi çekdi. Onuň pikiriçe, häkimiýetler bu çykyşlaryň üsti bilen ýurtda "döwlete mahsus bolan düzgün-tertibiň tas galmandygy" barada barýan ýiti diskussiýalara "jogap berjek bolýana” meňzeýär.
"Çykyşlaryň tas ählisinde "döwletlilik" adalgasy dile getirilip, öňki ýyllardan tapawutlylykda, bagtyýarlyk ýa bolelinlik adalgalary göz-görtele az ulanyldy. Munuň sebäbi, meniň pikirimçe, ilat arasynda soňky aýlarda hut şu "döwletlilik" baradaky diskussiýalaryň barha köpelip ugrandygy bilen bagly bolup biler. Sebäbi, dogrudanam, soňky wagtlarda ilat arasynda ‘eger bizde döwlet bar bolsa, näme üçin meseleleriň bardygy boýun alnanok, hiç hili çözgüt ýok, döwletiň ady bar-da, özi ýok’ diýen ýaly gürrüňler has köpelip başlady.”
Synçynyň bellemegine görä, adamlar "bal-bal” diýeniň bilen, agyz süýjänok, türkmen režimi näçe ösüş-ösüş, döwletlilik, bagtyýarlyk diýse-de, türkmen jemgyýetçiligi bu sözleriň diňe dilde we kagyzda galýandygyny görüp, bilip, kösenip ýaşaýar diýýärler.
Azatlygyň söhbetdeşleri Halk maslahatynda etraplaryň dikeldilmegi, aýlyklary, pensiýalary we beýleki kömek pullaryny köpeltmegi ýatyrmak barada edilen teklip barada gürrüň edip, türkmen režiminiň hakykatda, iş ýüzünde öz dolandyryş we ykdysady syýasatynyň netijesizdigini boýun alandygyny aýdýarlar.
Netijesiz dolandygyşyň 'boýun alynmagy'
"Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz inisiatiwasy bilen ýatyrylan ençeme etrap bu gün bialaç, täzeden dikeldildi. Dogry, režim bu işleriň "halkyň islegi, haýyşnamalary" esasynda edilýändigini aýdyp biler. Emma iş ýüzünde, hakykatyna seredilende, etraplaryň gaýtadan dikeldilmegi ozal olary ýatyrmak barada çykarylan kararyň hiç hili ykdysady we sosial manysynyň bolmandygyny, ýagny, hiç bir oňyn netije bermändiginiň açyk bolmasa-da, gytaklaýyn boýun alnandygyny tassyklaýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy hökümetiň ilat bilen maslahatlaşman, halka sala salman, bir şahsyň karary bilen yglan edýän özgertmeleriniň, şol sanda dolandyryş-çäk bölünişigi reformalarynyň netijesizdigini, diňe zyýandygyny indi köp adamyň bilýändigini öňe sürdi.
“...umuman, bizdäki döwlet dolandyryşy netijesiz, bu ýagdaý il içinde ýiti tankydy we nägilelige ýugrulan pikirleri döredýär. ...şeýle pikirler aýlyklary, pensiýalary we beýleki kömek pullaryny ýatyrmak baradaky teklibiň fonunda hem ýüze çykýar. Adamlar günsaýyn ýokarlanyp barýan bahalaryň, gymmatçylygyň arkasynda häkimiýetleriň we döwlet ýolbaşçylarynyň netijesiz ykdysady syýasatynyň ýatandygy barada gürrüň edýärler” diýip, söhbetdeşimiz dürli pikir alyşmalarda öz işini başarmaýan döwlet ýolbaşçylarynyň wezipesinden gitmelidigi hakyndaky pikirleriň barha kän orta atylýandygyny belledi.
Söhbetdeşlerimiziň käbiri bu gürrüňlerden halk içindäki garşylyk, protest meýilleriniň artýandygyny hem görse bolýandygyny öňe sürdi.
"Gaty-gaty söz aýdýan adamlar köpelýär"
Ahal, Mary welaýatlaryndaky adamlaryň häzir tas 90 göterimi Halk maslahatynda aýlyklary we beýleki tölegleri 10% köpeltmek praktikasyna garşy edilen teklip barada gürrüň edýär diýip, çeşmeler aýdýar.
“Ýygnakda bu teklibi teklibi öňe sürenleri we goldanlary, prezident Serdary we onuň kakasy Gurbanguly Berdimuhammedowy ýazgaryp, gaty-gaty sözleri aýdýan adam gaty kän. Häzir adamlar köpçülik ýerlerinde, hatda awtobuslarda hem aç-açan gargynçly sözleri aýdýarlar diýip, Marydaky çeşme häzirki ýagdaýylaryň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň pensiýalary ýatyryp, halk gargynjyny alan günlerini ýatladýandygyny belledi.
Ahaldaky çeşme adamlaryň “bu ataly-ogul hem Nyýazowdan gowy boljaga meňzemeýär, bular öz halky bilen bir sapar artistlik etmän, açyk gürleşip görmedi” diýip gürrüň edýändiklerini aýtdy.
Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň halk içinde döreden nägileligi we bu nägileligiň öňki ýyllardaka garanda has açyk ýüze çykarylyşy sosial ulgamlarda aýdylýan, paýlaşylýan pikirlerden hem görünýär. Adatça, beýle pikirler ozal daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar tarapyndan ýa-da lakama bukulyp aýdylan bolsa, synçylar indi ýurt içinde, öz adyny gizlemän, açyk pikirini aýdýan adamlaryň hem köpelýändigini, muňa 19-njy sentýabrdaky maslahatyň ‘gowy itergi berendigini' belleýärler.
Türkmenistan kanunda kepillendirilen söz, metbugat azatlyklaryna, başgaça pikirleriň, şol sanda dürli syýasy garaýyşlaryň açyk aýdylmagyna ýol bermeýär we Azatlyk, howpsuzlyk aladalary sebäpli, pikirini aýdýan adamlaryň atlaryny, ýaşaýan ýerlerini aýtmakdan saklanýar.
Şu aralykda Türkmenistan dünýäniň ýyllyk demokratiýa reýtinginde iň aşakdaky derejeleriň birini eýeledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.