Ahal welaýatynyň saglyk işgärleri etrap ýerlerindäki, geňeşliklerdäki saglyk desgalarynyň gyssagly idege, abatlaýyş ilerine mätäçdigini habar berýärler. Azatlyk radiosynyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, maşgala lukmançylyk merkezleriniň iş jaýlarynyň diwarlary ýykylyp başlady, olary abatlamak üçin döwletden hiç bir kömek alyp bolmaýar.
Azatlyk, howpsuzlyk aladalary sebäpli, emele gelen agyr ýagdaý barada pikirini aýdan, öz tejribelerini paýlaşan saglyk işgärleriniň atlaryny, işleýän ýerlerini aýtmaýar.
Döwlet etrap ýerlerindäki saglyk desgalaryny bejermeýär
“Häzir biz her gün işe diýip çykamyzda alada edýäris, iş ýerimizde gaty seresaplyk bilen girip-çykmaly bolýarys. Sebäbi iş jaýymyz haçan ýykylsa ýykylaýmaly diýen ýagdaýda dur. Bu lukmançylyk punkty sowet döwründe gurlan jaýda ýerleşýär. Olaryň gurlanyna 70 ýyl gowrak wagt boldy” diýip, saglyk hünärmeni iş ýerlerini abatlamagyň indi kän wagt bäri lukmanlaryň özüne galandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, lukmanlar uzak wagt bäri diňe öz başaran abatlaýyş işlerini edip oňýarlar, ýagny reňk, boýag işlerini edýärler, üçekleriň suw geçirýän ýerlerini abatlaýarlar.
Aýry-aýrylykda gürleşilen saglyk hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, döwlet etrap ýerlerindäki saglyk desgalaryny abatlamak, düýpli bejermek işlerini geçirmeýär, bu işler üçin serişde hem goýbermeýär. Netijede, “biz, işgärler bolup, öz zähmet, aýlyk haklarymyzdan pul jemläp, abatlaýyş işlerini geçirip, mydar etjek bolduk” diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.
Azatlyygyň habarçylarynyň ozal hem habar berşi ýaly, býujet edaralarynyň işgärleri aýlyk, zähmet haklaryndan, maşgala agzalarynyň agzyndan kesip, döwletiň oba hojalygynda dowam etdirýän mejbury zähmetini maliýe taýdan goldamaga mejbur edilýär. Bu ýagdaý lukmanlaryň öz iş ýerlerini abatlamak üçin berip bilýän serişdeleriniň hem ellerinden alynmagyna getiripdir.
“...potrat meýdanlarynda otag, çürtüm işleri, pagta ýygymy, gazet- žurnallar, şäheri özgertmek üçin, bezeg işleri üçin we ýene-de dürli bahanalar bilen biziň zähmet, aýlyk haklarymyzdan pul tutmaga başlap, bu tutumlary barha köpeltdiler. Soň biziň alýan zähmet haklarymyz özümizi eklemäge hem ýetmän başlady. Biz indi, özbaşdak abatlaýyş işlerini edeli diýsek, hiç hili pul süýşürip bilemizok” diýip, ýaşuly lukman döwletden soralan kömekleriň berilmändigini hem sözüne goşdy.
Onuň tassyklamagyna görä, lukmanlar mundan öň çüýräp gutaran agaç pollary aýryp, öz zähmet haklaryndan pul goşup, jaýlaryň içine beton düşäpdirler. Ýöne indi binanyň haýsy ýerinden tutsaň, eliňe gelýär, üçek haçan üstümizden gaýtsa gaýdaýmaly, emma döwlet resmileri biziň iş şertlerimizi gowulaşdyrmak baradaky haýyşlarymyza çynlakaý garamaýar diýip, söhbetdeşimiz indi işiň-işden geçendigini, abatlaýyş işleriniň hem netije bermejekdigini 5-6 aýyl bäri aýdyp gelýändiklerini belledi.
Aýlyklary gijikdirilen lukmanlar tapan zatlaryny satýar
Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan beýleki bir lukman häzir öz zähmet, aýlyk haklarynyň hem geçirilmeýändigini, tapanja zatlaryny satyp ýaşaýandygyny gürrüň berdi.
“...lukmançylyk otagyndaky ýagdaý söz bilen beýan ederden agyr, çagalary barlamaga, sanjym işlerini geçirmäge, oturmaga ýer bolmansoň, aýak üstünde, dik duran ýerimizden barlap goýberýäris.”
Göni däl, gytaklaýyn berlen jogap esasynda, ýagny “häzir döwlet akylly şäher, ýokary tizlikli tölegli ýol, metjit gurýar, gaznada pul serişdesi ýok” diýilmegi bilen, öňümiz gyş, jaýymyz haçan ýykylsa ýykylaýmaly diýip, lukmanlar ýerli telekeçilere ýüz tutmak, olaryň bolmanda iki otaglyja jaý gurup bermegini haýyş etmek kararyna gelýärler.
Emma telekeçiler hem kömek edip bilmejeklerini aýdýarlar.
“...biz kömek edip biljek däl, häzir täzeden gursak, ýa abatlaýyş işlerini geçirmäge pul bersek, bizi soraga çekerler. ‘Puluňyz köpeldimi?’ diýip ilki bilen MHM işgärleri, soň prokuratura işgärleri geler. ‘Kim size buýruk berdi?’ diýip, elimizdäki bolanja pullarymyzy hem alarlar” diýip, ýüz tutulan telekeçiler, edil dilleşen ýaly, özleriniň kömek etmekden gaty gorkýandyklaryny aýdypdyrlar.
Aşgabatdaky döwrebap saglyk desgalarynyň birinde işleýän çeşme etraplardaky saglyk binalarynyň ýagdaýy barada aýdylýanlary anonimlik şertinde tassyklady we, bu ýagdaýa, öz pikiriçe, ýurtdaky bilim-sowatly adamlaryň suýasy passiwliginiň sebäp bolýandygyny öňe sürdi.
Onuň pikiriçe, eger-de döwletiň soňky ýyllarda guran gymmatbaha desgalarynyň suratlary bilen etrap ýerlerinde ýykyljak bolup duran saglyk öýleriniň suratlaryny alyp, sosial ulgamlarda paýlaşsaň, Türkmenistandaky ‘gözboýagçylygy bütin dünýä görkezmekden aňsat zat ýok’. Ýöne ol Türkmenistanyň şertlerinde bu hili hereketleriň howpludygyny, häkimiýetleriň ýurt daşyndaky aktiwistleri hem bikanun ýanaýandygyny aýtdy we özüniň hiç bir adamy özüne zyýan getirjek paýhassyz herekete çagyrmaýandygyny belledi.
Türkmen metbugaty Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda täze gurlan obalar we beýleki desgalar barada giňişleýin maglumat berýär, ýöne ýurduň sebitlerinde idegsiz ýatan ýollar, köprüler, saglyk we bilim edaralary barada aýdylýan zatlara, sosial ulgamlarda paýlaşylýan suratlara we wideolara hiç bir reaksiýa bildirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum