Awstriýanyň energiýa kompaniýasy OMV, aňtaw gullugy Russiýanyň haýryna içalyçylyk etmekde güman edýändigini aýdanyndan soň, bir menejerini işden çykardy diýip, “Profil” neşiri çeşmelere salgylanyp ýazýar.
Derňew netijesine görä, bu adam mundan öň hem Abu Dabi milli nebit kompaniýasyna ýygy-ýygydan iş saparyna iberilipdir. Habarda Abu Dabidäki kompaniýanyň OMV kompaniýasynyň 25% -ine eýeçilik edýändigi bellenýär.
BAE-de saparda bolan menejer Wena gaýdyp gelende rus diplomaty bilen duşuşyp, oňa işleriň ýagdaýy barada maglumat berdi. Tassyklanylmagyna görä, bu hili duşuşyklar yzygiderli geçirilipdir.
Awstriýanyň Döwlet howpsuzlyk we aňtaw gullugy (ASIA) OMV işgärine birnäçe aýlap gözegçilik edipdir.
OMV bir işgärini işden boşadandygyny tassyk etdi. Bu iş boýunça goşmaça maglumat berilmedi, güman edilýän adamyň ady aýdylmaýar.
Awstriýanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň Wenadaky wekilini çagyrdy.