Russiýa 10-njy sentýabrda howa araçäklerini bozup, Polşanyň howa giňişligine pilotsyz uçaryny girizenden iki gün soň, NATO öz jogabyny mälim etdi: “Operation Eastern Sentry”, ýagny Gündogar Gözegçi operasiýasy.
Bu missiýa 12-nji sentýabrda dessine öz işine başlady we şondan bir hepde soň Estoniýanyň howa giňişligine giren rus uçarlary tarapyndan synag edildi.
NATO Gündogar Gözegçi operasiýasynyň öz gündogar kenaryndaky goranyş ýagdaýyny, birikmesini we çeýeligini güýçlendirmekden ybaratdygyny aýdýar.
Esasy üns Russiýanyň pilotsyz uçarlaryna we geografiki taýdan Polşa gönükdirilendigine garamazdan, bu operasiýa köp ugurly bolup, oňa gury ýer, deňiz we howa güýçleri gatnaşýar we ol Demirgazyk deňzinden Gara deňze çenli aralykdaky boşluklary ýapmaga niýetlenendir.
Muňa garamazdan, birleşik munuň diňe NATO-nyň çäginde boljakdygyny, Ukrainanyň günbataryna girip, howa giňişligini goramak meýilnamasynyň ýokdugyny aýdyň mälim etdi.
Kiýew şeýle çäre bolan halatynda ony makullasa-da, we rus pilotsyz uçarlarynyň has ir nyşana alynmalydygy dogrusynda argumentler bar bolsa-da, NATO ýaranlarynyň köpüsi munuň özlerini Kreml bilen göni konflikte ýakynlaşmagyna eltip biljekdiginden aladalanýar.
Indi esasy maksat toplumlaýyn ulgama tarap ilerlemekden ybaratdyr.
Mundan öň, NATO ýaranlary dürli ýerlerde howa polisiýa çärelerini geçirýärdiler we NATO hem, abanýan howpuň derejesine görä, her bir waka aýry-aýrylykda goşmaça goldaw berýärdi.
Häzirki pikir, raketalar ýa-da anti-dron tehnologiýasy bolsun ýa-da bolmasyn tapawudy ýok, tutuş gündogar kenarda biri-biri bilen baglanyşykly has köp resurs ýerleşdirmekden ybaratdyr.
Bu, Moskwanyň Baltika deňzinde amala aşyrýandygy aýdylýan birnäçe suwasty sabotaž çärelerine jogap hökmünde şu ýylyň başlarynda başladylan “Baltic Sentry”, ýagny Baltika goragçysy atly şuňa meňzeş operasiýadan ylham aldy.
Adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren NATO resmileri operasiýany üstünlikli hasaplaýandyklaryny belläp, sebitde kabellere ýa-da beýleki infrastruktura zeper ýetirmäge gönükdirilen haýsydyr bir çäräniň häzirlikçe bolmandygyny nygtadylar.
Sekiz ýurt eýýäm Gündogar Gözegçi operasiýasyna goşuldy we käbir harby emläklerini NATO-nyň iň ýokary ýaranlyk serkerdesi (SACEUR) Aleksus Grinkewiçiň ygtyýaryna berdi. Birleşige agza başga-da ençeme ýurduň muňa goşulmagyna garaşylýar.
Fransiýa ilkinji bolup öňe saýlandy we Polşada ýerleşdirilmegi üçin üç sany "Rafale" söweş uçaryny, şeýle hem Airbus A400M harby transport uçaryny berdi.
Britaniýa özüniň "Typhoon" söweş uçarlarynyň birnäçesini Polşanyň asmanyndaky goranyş missiýalaryna iberer. Germaniýa özüniň “Eurofighters” söweş uçarynyň dördüsini gündogar goňşusyna ýakynlaşdyrdy we olar islendik pursatda missiýa uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýar görnüşe getirildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum