Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ bilen ýadro ýaraglaryny çäklendirýän soňky galan ylalaşygy uzaltmagy teklip etdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky soňky ýadro ýaraglaryny çäklendirýän şertnamany, ýagny “Täze START” atly ylalaşygyny uzaltmagy teklip etdi. Bu ylalaşygyň güýji 2026-njy ýylyň fewral aýynda gutarmaly.

Putin 22-nji sentýabrda Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda çykyş edip, şertnamanyň güýjüniň tamamlanmagynyň dünýäde durnuklylyga ýaramaz täsir ýetirjekdigini aýtdy.

“Russiýa 2026-njy ýylyň 5-nji fewralyndan soň hem ‘Täze START’ ylalaşygynyň mukdar boýunça bellenen esasy çäklendirmelerine ýene bir ýyllyk möhlet bilen ygrarly bolmaga taýýar” diýip, Putin aýtdy. Onuň sözlerine görä, munuň üçin ABŞ hem şu ugurda meňzeş ädimleri etmeli.

“Täze START” şertnamasy 2010-njy ýylda Pragadaky duşuşykda şol wagtky prezidentler Barak Obama we Dmitriý Medwedýew tarapyndan gol çekilipdi. Bu ylalaşyk her ýurduň ýerleşdirilen ýadro däribaşlarynyň sanyny 1 müň 550-den, ýerleşdirilen raketalarynyň we bombalaýjylarynyň sanyny bolsa 700-den artyk geçmegini gadagan edýär. Şeýle-de şertnama ýerine ýetirilişi seljermek üçin giň gerimli ýerinde gözegçilik çärelerini göz öňünde tutýar.

Russiýa 2022-nji ýylyň awgustynda, Ukrainada giň möçberli uruş başlanandan soň, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagy bilen bu şertnamanyň çägindäki barlaglary togtadypdy. Putin 2023-nji ýylyň fewralynda ýurduň şertnamadan çykýandygyny yglan etdi, emma Moskwanyň ýadro arsenalynyň çäklendirmelerine boýun bolmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Dünýäniň iň uly ýadro arsenalyna eýe bu iki ýurda gözegçilik edýän beýleki ikitaraplaýyn ylalaşyklar hem Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlylyk sebäpli ýatyryldy.

2025-nji ýylyň ýanwarynda Donald Trampyň ABŞ-nyň prezidenti wezipesine girişinden bäri, Russiýa Waşington bilen ýadro meselesinde täze gepleşiklere açykdygyny ýaňzytdy. Putin awgustda Alýaskada Tramp bilen geçiriljek duşuşygyndan öň hem, täze ikitaraplaýyn ýarag gözegçilik ylalaşygyna gol çekilip bilinjekdigini orta atypdy.

Russiýa ABŞ bilen gepleşikleri diňe Ukrainada parahatçylyk ýa-da ok atyşyklaryň bes edilmegi bilen çäklendirmän, ikitaraplaýyn meseleleri hem ilerletmek isleýändigini gaýta-gaýta ýaňzytdy. Bu çemeleşme bilen Kremliň, Ukrainany has giň gatnaşyklaryň ikinji derejeli meselesine öwrüp we dünýäde ABŞ bilen Russiýanyň deň derejeli global güýçdigini görkezmek isleýändigi bellenilýär.

Waşington Putin tarapyndan edilen soňky çykyşlara bada-bat jogap bermedi. Ýöne Tramp ýadro ýaraglaryny azaltmak baradaky gepleşikleriň Hytaýy hem öz içine almalydygyny aýtdy. Ol Hytaýy ABŞ üçin has uly strategiki howp hökmünde görýär. Tramp şeýle-de ýadro arsenalyny azaltmak boýunça gepleşikleriň diňe Ukraina baradaky ylalaşykdan soň geçirilmelidigini nygtady.

Forum

XS
SM
MD
LG