Ukrainanyň Milli polisiýasy Kiýew sebitinde Özbegistanyň 13 raýatyny zähmet gulçulygynda saklan we oba hojalygynda işlemäge mejbur eden bir toparyň üstüni açandygyny habar berdi.
Polisiýanyň maglumatyna görä, bu jenaýat guramasynyň guramaçysy Ukrainada ýaşamak ygtyýarnamasy bolan 51 ýaşly Hytaý raýaty bolup durýar. Oňa bu işde Hytaýyň ýene iki raýaty, taýlandly bir aýal we bäş sany ukrainaly kömek edipdir.
Habarda aýdylmagyna görä, 47 ýaşly ukrain zenany hytaýly guramaçynyň “sag eli” bolup, onuň görkezmelerini ýerine ýetiripdir we bu işe gatnaşan beýleki adamlaryň işini utgaşdyrypdyr.
Toparyň galan bölegi migrantlary işe gatnatmak, fermanyň howpsuzlygyny üpjün etmek we daşary ýurtlularyň işine gözegçilik etmek bilen meşgullanypdyr.
Polisiýanyň habar bermegine görä, tussag edilenler daşary ýurtdaky ýaranlarynyň üsti bilen 22-42 ýaş aralygyndaky 13 özbegistanla ýokary aýlyk teklip edip, olary soň zähmet gulçulygyna salypdyr.
Ukraina gelen özbegistanlylar oba hojalyk kärhanasynyň binasynda gulp astynda saklanyp, oba hojalygynda zähmet çekmäge mejbur edilipdir.