Türkmenistanda ilatyň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly meseleleri wagtal-wagtal dowam edýän mahaly, Aşgabadyň döwlete degişli söwda nokatlarynyň köpüsinde POS terminallary, ýagny töleg terminallary kadaly işlemeýär.
Hususy dükanlaryň aglabasynda hem, bank kartlary arkaly tölegler tas asla diýen ýaly kabul edilmeýär. Paýtagtlylar nagt däl görnüşde töleg geçirmek hyzmatynyň günsaýyn kynlaşýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Alyjylar gerekli azyk harytlaryny saýlap, hasaplaşmak üçin kassa gelende, dükan satyjylary olardan bank karty arkaly töleg kabul edilmeýändigini, diňe nagt görnüşde töläp biljekdiklerini aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenbaşyda töleg terminallary tapgyr altynjy gün işlemeýärTürkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky dükanlaryň satyjylary munuň sebäbini töleg terminallarynyň “kadaly işlemeýändigi ýa-da bank bilen kassa aparatynyň arasynda Internet aragatnaşygynyň kesilendigi” bilen düşündirýärler.
Dükan müdirleriniň “bikanun gazanç etmegi”
“Hatda käte olar ynandyryjy bolmagy üçin dükanda bar bolan kassa aparatyna müşderiniň kartyny degrip, aragatnaşygyň häzir hem ýoklugyny aýdyp, golaýdaky bank şahamçalarynyň bankomatlaryndan puly nagtlaşdyryp gelmegi maslahat berýärler” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Şol bir wagtda, döwlet dükanlarynyň birnäçe satyjysy munuň Internet näsazlygy bilen däl-de, dükan müdirleriniň “bikanun gazanç etmegi” bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Müdirler ýurtda hemişe bolşy ýaly nagt pula lomaý bahadan azyk harytlaryny satyn alyp, döwlet dükanlarynda gymmatdan satýarlar. Eger müşderiler kartlar arkaly tölese, onda dükan müdirleri banka we salgyt gullugyna töleg geçirmeli bolýarlar. Olar bu salgytlardan, töleglerden gaçmak üçin satyjylardan harytlary boldugyndan nagt töleg bilen hasaplaşmagy talap edýärler” diýip, dükan satyjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Paýtagtyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynyň aglabasynda hem, bank kartlary arkaly tölegler tas asla diýen ýaly kabul edilmeýär. Paýtagtlylar bu ýagdaýlaryň hususan-da, pensionerlere we mümkinçiligi çäkli adamlara juda ýaramaz täsir edýändigini aýdýarlar.
“Olar alan azygyny goýup, bankomat gözlegine gitmeli bolýarlar. Adamlar käte bankomatda pul tapman, aljak azygyny bir-iki gün soň almaly bolýarlar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy belledi.
Degişli maglumat Türkmenistanda işlemeýän terminallar köpelýär, olar wagtynda bejerilmeýärÝaşaýjylaryň ençemesi terminallaryň işlemeýändigi barada söwda ýa-da beýleki resmilere arz-şikaýat etmeýändiklerini, sebäbi özlerini diňlejek döwlet guramalarynyň ýokdugyny aýdýar.
"Ýekelikde özüçe çözmeli bolýar"
“Her bir adam öz düşen kynçylygyny ýekelikde özüçe çözmeli bolýar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda ýurduň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň ýerli edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi web sahypasynda 1-nji sentýabrda täzelenen maglumatlara görä, ýurtda jemi 36 müň 980 sany, şol sanda Aşgabadyň söwda nokatlarynda 12 müň 254 sany POS terminaly ornaşdyrylypdyr. POS terminal sanynyň ösüş dinamikasy boýunça soňky 5 ýyla degişli maglumatlarda bolsa, bularyň sanynyň 2023-nji ýylda 42 müň 131-e ýetendigini, ýöne soňra olaryň azalýandygyny synlasa bolýar.
Habarçylarymyz ýurtda töleg terminallarynyň köp ýerde ýetmezçilik edýändigi we olaryň kadaly işlemeýändigi barada wagtal-wagtal habar berýärler. Olar muňa käte bu terminallaryň bilkastlaýyn işledilmezliginiň, käte-de Internet üpjünçiliginiň barha ýaramazlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy töleg terminallarynyň kadaly işlemezligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.
Degişli maglumat Lebabyň polisiýasy töleg terminallaryny ulanmaýan telekeçilerden “para almak çärelerini güýçlendirdi”Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.