Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşi (Mejlis) 32 deputat tarapyndan başlanan karar taslamasyny, özüni dargatmak baradaky karar taslamasyny kabul etdi. Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň maglumatyna görä, bu karara segsen dört deputat ses berdi.
Parlamentiň özüni dargatmagy, “Kaktus.medianyň” habaryna görä, rezolýusiýanyň inisiatorlary tarapyndan iki saýlaw kampaniýasynyň bir-birine gabat gelmegi bilen düşündirildi. Olar indiki parlament saýlawlarynyň 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilmeli edilendigini, 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa prezident saýlawlarynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdylar.
Karar taslamasy boýunça hasabat bilen çykyş eden Ulan Primowyň aýtmagyna görä, bir wagtyň özünde iki saýlawyň geçirilmegi syýasy tolgunyşyklara sebäp bolup, hökümetiň ähli pudaklarynyň durnukly işlemegine ýaramaz täsir ýetirmek ähtimallygy bar. Şeýle-de, ol bu işler üçin möhüm maddy, tehniki we adam resurslarynyň zerurdygyny aýtdy.
Irki saýlawlar 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň aýagynda bellenilip bilner.
Prezident Sadyr Žaparow 2025-nji ýylyň iýun aýynda saýlaw kanunyna girizilen üýtgetmelere gol çekdi.
Resminama laýyklykda, ýurtda 30 sany köp mandatly saýlaw okrugy bolar, olaryň hersinde üç deputat saýlanar. Parlamentde, häzirkisi ýaly, jemi 90 deputat bolar.
Saýlawda uzakdan ses bermek usuly hem ulanylar. Bu baradaky karar saýlawlar meýilleşdirilende kabul ediler.