Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daniýadaky Aalborg howa menzili, pilotsyz uçarlar sebäpli, işini togtatdy


Aalborg howa menzili
Aalborg howa menzili

Daniýanyň demirgazygyndaky Aalborg howa menzili, näbelli pilotsyz uçarlar sebäpli, uçar gatnawlaryny, gelýän we gidýän uçarlaryň hemmesini togtatmak kararyna geldi.

Ýerli polisiýanyň habaryna görä, ýerli wagt bilen sagat 9: 44-de Aalborg howa menziliniň ýokarsyndaky howa giňişliginde birnäçe näbelli pilotsyz uçaryň peýda bolandygy baradaky habar gelip gowuşdy. Görnen pilotsyz uçarlaryň takyk sany belli däl.

Ýerli polisiýanyň baş inspektory Jesper Boýgaard Madsen, pilotsyz uçarlaryň arkasynda duranlary anyklamak we olaryň maksadyny bilmek üçin derňew işleriniň başlanandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, pilotsyz uçarlary ýok etmek başartmady.

"Biz hemişe howpsuzlyk töwekgelçiligine baha berýäris we raýatlar howp astyna salyndy diýip hasaplamaýarys. Häzir biz toplanan maglumatlary, şol sanda fiziki we elektroniki yzlary öz içine alýan has jikme-jik derňewe başlaýarys" diýip, ol aýtdy.

Iki uçar yzyna, Kopenhagende, üçünjisi Karup şäherine ugradyldy.

BBC habar gullugynyň maglumatyna görä, pilotsyz uçarlar ýurduň günortasynda ýerleşýän üç kiçi howa menziliniň golaýynda - Esbjerg, Sønderborg we Wojens şäherlerinde hem görüldi, emma olar işini dowam etdirdi.

XS
SM
MD
LG