Ukrainanyň Howa güýçleri Zaporižiýa sebitinde Russiýanyň Su-34 kysymly bombalaýjy uçarynyň urlandygyny habar berdi.
Howa güýçleriniň serkerdeliginiň beýanatynda aýdylmagyna görä, sagat 4: 00-da heläkçilige uçran "Uçaryň, ugrukdyrylýan bomba ulanyp, Zaporižiýa şäherinde terrorçylykly hüjümleri amala aşyrandygy mälim". Goşmaça maglumat berilmedi.
Rus güýçleri Zaporiziýa sebitine zarba urmak üçin howa hüjümlerini ýygy-ýygydan ulanýarlar. Olar 23-nji sentýabra geçilýän gije Zaporižiýa howa zarbasyny urup, ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetirdi we bir adamyň ölmegine sebäp boldy.
Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň Baş aňtaw gullugy anneksiýa edilen Krymda Russiýanyň iki sany An-26 uçarynyň we kenarýaka radarlarynyň ýok edilendigini habar berdi.
"Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň ýörite güýçleri ýarymadada geçirilen reýd wagtynda rus basybalyjylaryna degişli iki An-26 ulag uçaryny ýakdy, şeýle-de duşmanyň suw üstündäki radar stansiýasyny we MP-10M1 Mys M1 kenarýaka radaryny ýok etdi" diýip, ukrain aňtaw gullugynyň metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Rus häkimiýetleri entek bu maglumat barada hiç zat aýtmady.