ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine garşy, öňkülerden tapawutlylykda göze ilýän närazylygyny açyk äşgär edip, Ukrainanyň Ýewropa hyzmatdaşlarynyň goldawy bilen Russiýadan ähli territoriýasyny yzyna alyp biljekdigini aýtdy.
Tramp mundan ozal urşy tamamlamak üçin taraplaryň ikisiniň hem ýerleriniň bir böleginden el çekmeli boljakdygyny aýdypdy. Häzirki wagtda Russiýa Ukrainanyň takmynan bäşden bir bölegini, şol sanda 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edilen Gara deňizdäki Krym ýarymadasyny hem gözegçilikde saklaýar.
Tramp BMG-niň Baş assambleýasynyň mejlisindäki çykyşynda Ýewropa ýurtlaryny Russiýadan nebit satyn almagyny tizden-tiz bes etmäge çagyrdy. Ol şeýle-de, Zelenski bilen duşuşygyndan öň žurnalistlere NATO ýurtlarynyň öz howa giňişligine giren rus uçarlaryny atyp düşürmeldigini aýtdy.
Ol bu duşuşykdan soň sosial ulgamlarda eden çykyşynda Russiýanyň “hakyky kuwwatly harby güýç üçin bir hepdeden az wagtyň içinde gutarmaly” urşy “üç ýarym ýyl bäri manysyz dowam etdirýändigini” ýazdy.
“Ukraina bilen Russiýanyň harby we ykdysady ýagdaýlaryny doly öwrenip, Russiýanyň ykdysady kynçylyklarynyň sebäplerini görenimden soň, meniň pikirimçe, Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen Ukraina öz başlangyç çäkleriniň hemmesini yzyna almak üçin göreşmek we ÝEŇMEK mümkinçiligine eýe” diýip, Tramp aýtdy.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Trampyň çykyşyndaky “uly öwrülişigi” belläp, ABŞ prezidentiniň Ukrainadaky ýagdaýlara indi has aýdyň göz ýetirýändigini aýtdy.
“Trampyň Putin bilen gatnaşygy bardy we ol oňa ynanýardy. Putin bolsa Trampa erteki aýdyp berýärdi” diýip, Zelenski aýtdy.
“Men Trampa Putin Ukrainadaky urşuň tamamlamagyna garaşman, NATO-nyň gowşak ýerlerini tapmaga synanyşjakdygyny aýdypdym. Bu eýýäm bolup geçýär… Putin bir urşy beýlekisi bilen çalşmak isleýär” diýip, Zelenski aýtdy.
Zelenski Tramp bilen duşuşyga Moskwany Ukrainadaky urşy, Ýewropada Ikinji jahan urşundan bäri alnyp barylýan iň uzak we ganly urşy soňlamaga basyş etmegini gazanmak umydy bilen bardy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Trampdan “Eger rus uçarlary NATO howa giňişliginde ýüze çykarylsa, siz olary atyp gaçyrmagy goldaýarsyňyzmy?” diýip soralanda, ol: “Hawa, goldaýaryn” diýip jogap berdi.
Tramp şeýle hem ABŞ-nyň şeýle ýagdaý ýüze çykanda gatnaşmagynyň “ýagdaýlara bagly boljakdygyny” aýtdy, emma jikme-jiklik bermedi.
Onuň bu jogaby Russiýanyň söweş uçarlarynyň we dronlarynyň soňky döwürde Polşa we Estoniýa ýaly NATO ýurtlarynyň howa giňişligine giren ýagdaýlaryna gabat geldi.