ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Ak tamyň strategiki Merkezi Aziýa sebiti bilen ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýän wagtynda, Özbegistan we Gazagystan bilen 12 milliard dollardan gowrak söwda şertnamasyny baglaşdy.
Özbegistan Wirjiniýada ýerleşýän “Boeing” kompaniýasyndan 22 çemesi uçary satyn almaga razy boldy. Kompaniýa 22-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda döwlet eýeçiligindäki “Özbegistan howaýollary” kärhanasynyň 14 sany uçar satyn aljakdygyny we ýene sekiz sanysyny satyn almak mümkinçiligini özünde saklaýandygyny mälim etdi.
Tramp “TruthSocial” sosial ulgamynda çap eden maglumatynda 22 uçaryň hemmesiniň bahasynyň 8 milliard dollardan gowrakdygyny belledi.
“Biz ýene köp meseleler boýunça bilelikde işlemegi dowam etdireris!” diýip, Tramp aýtdy.
Bu aralykda, Gazagystan Pensilwaniýada ýerleşýän “Wabtec” korporasiýasyndan 300 amerikan lokomotiwini we beýleki demir ýol enjamlaryny 4,2 milliard dollara satyn almak barada şertnama baglaşdy. ABŞ-nyň Söwda ministrligi muny ABŞ-nyň taryhyndaky iň uly demir ýol şertnamasy diýip häsiýetlendirdi.
Degişli maglumat Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine gatnaşýar“Bu möhüm şertnama ABŞ-nyň önümçilik işlerini ösdürýär we Amerikada hem-de Merkezi Aziýada ösüşi, mümkinçiligi we aragatnaşygy çaltlaşdyrýar” diýip, Söwda sekretary Howard Lutnik Nýu-Yorkda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren gol çekişlik dabarasynda aýtdy.
Şol dabaranyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Yorka baran Tokaýew bilen telefon arkaly gürleşdi. Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem Nýu-Yorkda bolup, “Boeing” bilen gol çekişlik dabarasyna gatnaşdy.
Tramp öz ünsüni ýokary tehnologiýa, şol sanda ýaraglar üçin zerur bolan seýrek toprak metallaryny hem öz içine alýan möhüm minerallaryň üpjünçiligini gazanmaga gönükdiren mahaly, resursa baý Merkezi Aziýa bilen söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýar. Seýrek toprak metal üpjünçilik zynjyrynda Hytaý öňdebaryjy orny eýeleýär.
Tokaýew BMG sapary wagtynda ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar. Duşuşyk ABŞ-nyň Söwda palatasy tarapyndan gurnalýar. Bu palata şu aýyň başynda 25 amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçylary üçin Gazagystana söwda missiýasyny hem gurnady. Bu, häzire çenli Gazagystana baran iň uly amerikan işewür delegasiýasy boldy.
Palata öňümizdäki aýda, ilaty boýunça Merkezi Aziýanyň iň uly ýurdy bolan, goňşy Özbegistana ilkinji iş missiýasyny gurnar. Tramp maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin şu aýyň başynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen gürleşdi. Şeýle-de, ol awgust aýynyň aýagynda Global hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Paolo Zampollini Mirziýoýew bilen duşuşmak üçin Daşkende iberdi.
Gazagystan we Özbegistan nebite, gaza, urana, seýrek toprak metallaryna we beýleki tebigy baýlyklara baýdyr. ABŞ-nyň nebit läheňleri “ExxonMobil” we “Chevron” Gazagystanyň nebit-gaz pudagyna uly maýa goýumlaryny goýsa-da, ABŞ kompaniýalary ýurtlaryň üç onýyllykdan gowrak wagt bäri dowam edýän garaşsyzlyk taryhynda bu sebitden daşda durdular.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň urana we seýrek toprak metallaryna bolan isleginiň artmagy we Ak tamyň Merkezi Aziýa bilen has güýçli ykdysady gatnaşyklara itergi bermegi bilen, gözýetimde täze şertnamalaryň bolmagy ähtimal.
Trampyň sebite bolan gyzyklanmasy Hytaýyň Merkezi Aziýanyň magdançylyk pudagyna maýa goýumlaryny artdyrýan mahalyna gabat gelýär. Ekspertler Merkezi Aziýa döwletleriniň Hytaýyň we Russiýanyň täsirleri boýunça deňagramlylygy saklamak üçin ABŞ-nyň maýa goýumlaryny çekmäge synanyşýandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.