Kopenhagen we Oslo howa menzilleri näbelli pilotsyz uçarlar sebäpli işini togtatdy

Kastrup howa menzili

Demirgazyk Ýewropanyň iň meşgul howa menzili, Kopenhagendäki “Kastrup” we Oslonyň “Gardermoen” howa menzili 23-nji sentýabra geçilýän gije, näbelli dronlaryň ýüze çykarylmagy netijesinde, uçuşlary birnäçe sagat togtatdy diýip, “Roýters” habar gullugy habar berýär.

Daniýanyň polisiýasy Kopenhagen howa menziliniň töwereginde iki ýa-da üç sany uly pilotsyz uçaryň görlendigini we munuň howa giňişliginiň ýapylmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

"Polisiýa olaryň nähili pilotsyz uçardygyny anyklamak üçin işjeň derňew işine başlady" diýip, Kopenhagen polisiýasynyň komissarynyň kömekçisiniň orunbasary Jeýkob Hansen žurnalistlere aýtdy. "Pilotsyz uçarlar ýitirim boldy, biz olary tutup saklamadyk" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň sözlerine görä, Daniýanyň we Norwegiýanyň häkimiýetleri bu iki wakanyň arasynda haýsam bolsa bir baglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin hyzmatdaşlyk eder.

Kopehgagen polisiýasynyň müdiri Jens Jespersen biraz soň metbugat ýygnagynda "pilotsyz uçarlaryň arkasynda duranlaryň adamlara zyýan bermek isleýändigini görkezýän alamat görünmeýär" diýdi.

“FlightRadaryň” habaryna görä, Kopenhagen howa menzilindäki 50-ä golaý uçar alternatiw howa menzillerine ugradyldy. Kopenhagen howa menzili gaýtadan işe başlansoň, käbir uçuşlaryň şindem gijigýändigi mälim boldy we ýolagçylaryň öz awiakompaniýalary bilen habarlaşmagy maslahat berildi.