Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde çykyş edip, “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly forum geçirmegi, şeýle-de Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakyndaky kararyň taslamasyny teklip etdi.
Berdimuhamedow sözlerine görä, parahatçylygyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy medeni-ruhy baglanyşygyň saklanylmagy we häzirki döwrüň medeni ösüşi bilen berk baglanyşykly diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
Taryhy taýdan Gündogary we Günbatary baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat eden Merkezi Aziýa ýene-de dialogyň, hyzmatdaşlygyň hem-de gymmatlyklar alyş-çalşygynyň giňişligine öwrülmeli diýip, türkmen prezidenti aýdypdyr.
Onuň öňe süren Halkara araçylyk güni baradaky başlangyjy bolsa, jedelli meseleleri gepleşik, araçylyk we hyzmatdaşlyk arkaly çözmegiň zerurlygyny görkezýär.
Berdimuhamedow Baş Assambleýanyň mejlisinde 2026-njy ýylda Hazar ekologiýa forumyny geçirmegi hem teklip etdi diýip, habarda bellenýär.