Pilotsyz uçarlar Başkortostandaky "Gazprom Neftehim Salawat" desgasyna zarba urdy diýip, respublikanyň başlygy Radiý Habirow habar berdi.
"Biz ýetirilen zyýanyň derejesini kesgitleýäris. Gyssagly kömek gulluklarynyň ählisi wakanyň bolan ýerinde, ýangyn öçürmek çärelerini görýäris" diýip, ol öz telegram kanalynda ýazdy.
Ýerli ýaşaýjylar şäherdäki partlama seslerini eşitdiler. Rus we ukrain telegram kanallary ýangyna degişli diýlip çaklanylýan suratlary we wideolary çap edýär.
“Gazprom Neftehim Salawat” respublikanyň günortasynda benzin, dizel ýangyjy, ýangyç ýagy we polietilen ýaly 150-den gowrak önüm öndürýän iň uly nebiti gaýtadan işleýän zawod bolup durýar.
Bu zawoda mundan öň, 18-nji sentýabrda hem pilotsyz uçarlar hüjüm etdi we uly ýangyna sebäp boldy.